
Buýsanja beslenen hoşallyk maslahaty
Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen anna güni Balkanabat Halkara howa menziliniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menzili durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalarynyň hatarynyň artýandygynyň, döwrebaplaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan döwrebap aýdym-sazlary hoşallyk maslahatynyň şatlyk-şowhunyny has-da arşa göterdi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda il-ýurt bähbitli işleriň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bedew batly ösüşleri wasp edildi.