Sport
20.04.2024
965
Buzly köşkler
Ak mermerli paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän ilkinji Milli olimpiýa sport köşgi 2006-njy ýylyň 18-nji maýynda ulanylmaga berildi. Halkara hokkeý ýaryşlaryny geçirmek üçin doly gabat gelýän 1000 orunlyk, meýdany 8 müň metr kwadrat bolan binanyň gurluşygyny meşhur “Bouygues” kompaniýasy alyp bardy we ýurdumyzda hokkeý sportunyň ösüşine uly goşant goşdy.
Dünýäniň syýahatçylaryny gözelligi bilen bendi edýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda açylyp ulanylmaga berlen Buzly köşk hem dünýä standartlarynda doly gabat gelýär. Gözel Awazanyň görküne görk goşýan bu binanyň tutýan meýdany 14 müň m2 bolup, 3 müň tomaşaça niýetlenendir.