
Çaga şaý-sepleri
Türkmen zergärçiliginde çagalaryň şaý-seplerine aýratyn orun degişlidir. Olara oglanjyklara dakylýan ok-ýaý, bäzbent, guşdyrnak, burma-ýogyn, goçbuýnuz we beýlekiler degişlidir. Bu bezegler çagalaryň egin-eşiklerine, tahýalaryna, aýaklaryna, boýnuna we goşaryna dakylypdyr. Kümüşden ýasalan şaýlaryň manysy uly bolup, olar oglanjyklaryň ýigit çykanlarynda dogumly, gaýratly, watansöýüji bolup ýetişmegi arzuw edilipdir, olaryň käbiriniň gözden-dilden goraýandygyna ynanylypdyr. Şaý-sepler ýaş aýratynlyklaryna görä dakylypdyr. Ok-ýaý şaýy ýedi-sekiz ýaşly oglanlara, burma-ýogyn düwmeli bezeg şaýy ýaňy aýak biten çaganyň aýagyna dakylypdyr. Burma-ýogyn dakylan çaga hereket edende düwme ses edip, çaganyň nirededigini habar beripdir. Guşdyrnak şaýy çaganyň tahýasyna dakylypdyr. Goçbuýnuz ýurdumyzyň günbatarynda ýaşan zergärler ýasapdyrlar. Goçuň şahyna meňzeş bolan şaý oglanjyklaryň başgabyna dakylypdyr. Bäzbent şaý-sepi çaga kürtekçesiniň donunyň omzuna, döşüne, arkasyna berkidilýär.