Çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

Jemgyýet
31.05.2025
156

Çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

Çagalary goramagyň halkara gününiň çäreleri Balkan welaýatynda hem giň gerime eýe boldy. Esasy baýramçylyk çäreleri Balkanabatdaky «Altynnur», Magtymguly etrap merkezindäki «Arkadagly nesiller», Türkmenbaşy şäherindäki «Salkyn kenar» çagalar medeni dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Älemgoşar» seýilgähinde we «Rowaç» kottežler toplumynda geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen ýatdan çykmajak gyzykly çärelere dürli ýaşdaky çagalar höwes bilen gatnaşdylar. Çäreleriň geçirilýän ýerlerinde çagalaryň surat çekmek, gum depejiklerini, balykgulaklardan dürli şekilleri ýasamak, milli oýunlar boýunça bäsleşikleri guraldy. Halkara sene mynasybetli Balkan welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bolan dabara aýratyn şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň iň täsirli pursatlaryny özünde jemledi.