Çagalara şatlyk paýlaýan günler

Ýurduň çäginde
06.01.2023
226

Çagalara şatlyk paýlaýan günler

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji günlerinden başlap, welaýatymyzda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň her gününi ýatdan çykmajak pursatlara beslemek üçin giň möçberli çäreler geçirilýär. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki welaýatyň Baş arçasynyň ýanynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar.

Dabaralaryň geçýän ýerine Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegi çäreleriň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Toý lybasly körpeler teatr ussatlarynyň halk ertekilerinden janlandyrýan keşpleri bilen arçanyň daşynda el tutuşyp aýlanýarlar, birek-birege ýürek arzuwlaryny beýan edip, şatlanýarlar. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanýan döwrebap aýdym-sazlar şowhunly çärelere gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlaýar.

Şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylyk çärelerinde çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, baýramçylyk gutlaglary körpeleriň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanýar. Aýazbabadyr Garpamygyň toý horjunyndan baýramçylyk sowgatlaryny alýan çagalaryň dillerinde Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlar buýsançly ýaňlanýar.

Mekdep okuwçylary gyşky dynç alyş möwsüminde welaýat merkezindäki ajaýyp ymaratlar bilen tanyşýarlar, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edýärler, welaýat kitaphanasyna barýarlar, welaýat döwlet drama teatrynda gyzykly sahna oýunlaryna tomaşa edip, ruhy lezzet alýarlar.

Täze habarlar