Çagalara tomusky gözegçilik

Çäreler
19.06.2024
287

Çagalara tomusky gözegçilik

Çuwaş Respublikasynyň Çeboksary şäheriniň Mekdebe çenli çagalara gözegçilik bölüminiň jogapkärleri tarapyndan düzülen “Kiçi ýaşly çagalar üçin tomusky gözegçilik” atly peýdaly maslahatlary ýurduň ähli ene-atalary üçin ygtybarly goldanma boldy. Şol peýdaly maslahatlardan birnäçesini Size ýetirmegi makul bildik.

Adatça bolşy ýaly her ýyl hem güneşli tomsuň gelmegi öz şatlygyny elbetde körpe çagalara köpräk ýetirýär. Ýylyň bu paslynda 5-7 ýaş aralygyndaky çagalara aýratyn gerek bolan gözegçilik hökmanydyr.

  • Tomusda çagalaryňyzy başgapsyz daşary göýbermäň.
  • Çagaňyz bilen gezelenç etmek üçin iň amatly wagtlar irden sagat 11:00-dan öň we 17:00-dan soň.
  • Deňiz kenaryna güneşlemek maksady bilen gideniňizde çagaňyzyň teniniň derejesini bilmelidir. (Ýörite bellenen çaga lukmanyndan)
  • Çagalaryňyza güneş äýneklerini näme üçin gerekdigini düşündiriň we aýyrmazlygyny nygtaň.
  • Çagalaryňyzyň ýanynda hemişe el süpürgiç salyň we wagtly-wagtyna çalşyp duruň.
  • Çaglaryňyza tomusda aşa gyzgyn we aşa sowuk iýmitleri iýdirmäň.
  • Her nahardan 15 minut öň çagaňyza arassa mylaýym suw içiriň.
  • Tomusda çagalaryňyza şekeri bol bolan süýjülikleri aşa köp iýdirmek hem maslahat berilmeýär.
  • Tomus paslynda beýleki pasyllara garanyňda çagalaryň gündizki ukusynyň köpräk bolmagy adaty ýagdaýdyr.
  • Çagalaryň saglygy ene-atalaryň ünslüliliginde jemlenendir.

Goý, bagtyýar çagalygyň ýurdunda çagalaryň gülki sesleri hemişe ýaňlanyp dursun.