Çagalaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigi
Tomusky dynç alyş möwsüminiň häzirki günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýaş nesiller wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirýärler. Olaryň arasynda guralýan dürli döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary hem şatlyk-şowhuna beslenýär. Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen döredijilik bäsleşigem şolaryň biri boldy. Bu bäsleşikde çagalar iki topara bölünip, türkmen halk ertekileri esasynda düzülen sowallara dogry jogap bermekde, krosswordlary çözmekde, ertekileri çeper okamakda öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.