Çagalaryň arzuwy “Arzuw”

Syýahatçylyk
24.07.2024
233

Çagalaryň arzuwy “Arzuw”

Çaga gülküsine, çaga şatlygyna sebäp bolýan ähli zatlar eýsem dünýäniň her bir künjeginde hem öz möhümligini saklaýar. Çagalaryň bagtly ýurdy hasaplanýan gözel ülkämizde hem giň şertler döredilen. Ähli welaýatlarda çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin merkezleriň birnäçesi hereket edýär.

Şeýle merkezleriň biri bolsa Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän “Arzuw” çagalar we dynç alyş merkezidir. Eýýäm bu merkez ýylyň-ýylyna Balkan welaýatynyň bagtly çagalarynyň in söýgüli mesgenine öwrüldi. “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky bu merkeze gelýän çagalaryň hemmesi özleriniň tomusky dynç alyşlaryny şatlanmak bilen geçirýärler.

Çagalar sagaldyş merkeziniň işi 6 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda 600 çaga orunlyk 8 sany bina bar. Saglygy dikeldiş bölümi 1 sany defibrillýator we ilkinji kömegi bermek üçin 100% derman serişdeleri bilen üpjün edilendir. Merkezde futbol, woleýbol, basketbol, tenis üçin niýetlenilen 4 sany sport bölümi, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry öwretmek üçin ýol yşykly meýdança, sport enjamlary bilen doly üpjün edilen 1 sany içki sport zaly, tälimçi otagy, 2 sany eşik çalşyrylýan otagy, oýnamaga niýetlenen meýdança we 600 orunlyk amfiteatry bar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde