Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Çäreler
29.05.2025
161

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Balkan welaýat häkimligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy netijesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine taýýarlyk görülýär. Bu bolsa, Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşigi, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi, medeniýet müdirligi hem-de beýleki edara-kärhanalar bilen ysnyşykly işlenilip, welaýatyň çäginde ýerleşýän  sagaldyş we dynç alyş merkeziniň öňümizdäki möwsümde çagalary kabul etmeklige doly taýýar edilendigini aňladýar. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde taýýarlyk işleriniň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Merkezde möwsümiň dowamynda ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen, hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary hereket eder. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak işleri hem göz öňünde tutulýar. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçjek her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar. Sebäbi bu ýerde wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. “Açyk gapylar” günlerinde çagalar taýýarlan çykyşlary arkaly özleriniň üstünliklerini ene-atalaryna, ýakynlaryna we dostlaryna görkezip bilerler.