Çarlaklar

Ýurduň çäginde
24.07.2024
222

Çarlaklar

Çarlaklar owadan hem şowhunly guşlardyr. Olaryň dünýäde 46 görnüşi bolup, şolaryň 9-sy ýurdumyzda duş gelýär. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerindäki adalarda mesgen tutan çarlaklaryň çüňki ala çarlaklaryňkydan birneme kiçiräk, ýöne oňa derek olaryň reňki agrak, özlerem has gaharjaň bolup, adalara ýyrtyjy guş aralaşdygy hökman şonuň üstüne gazaply hüjüm edýärler. Olar topar bolup ýaşaýarlar. Toparlaýyn ýaşaýşynda rahatlyk ýok, ylaýta-da ýumurtgalardan jüýje çykýan wagtlarynda bu şeýle bolýar.

Çarlaklar höwürtgäni çägeli burunlarda, adalarda, dag gaýalarynda, seýrek ýagdaýlarda agaçlarda gurýarlar. Guşlaryň horazlary hem mäkiýanlary kürk bolup oturýarlar. Jüýjeleri ýumurtgadan sütük ýelekli çykýarlar, olar endamy gurandan soň, howp abananda ylgap gaçýarlar. Çarlaklar jüýjelerini bilelikde iýmitlendirýärler. Gezekli-gezegine jüýjelerine owunjak balyklary getirip berýärler. Olar, esasan, mör-möjekler, balyklar, maýda süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.