Çaryk

Medeniýet
04.11.2025
24

Çaryk

Halkymyzyň durmuşynda deriden taýýarlanýan önümlere uly orun degişli bolupdyr. Deriden hojalyga degişli tulum, meşik, sanaç, geýimlere degişli possun, içmek, telpek, aýakgaplara degişli çaryk, çokaý, köwüş, çepek, ýelken ýaly zatlar taýýarlanypdyr. Ata-babalarymyz ir döwürlerde aýakgaplaryň arasynda deriden edilýän çaryklary gündelik durmuşynda köp ulanylypdyrlar. Çaryk iri mallaryň derisinden taýýarlanypdyr. Ol, esasan, ýagyş, gar ýaganda, ýagny, çygly howada geýmek üçin niýetlenipdir. Köwşe meňzeş taýýarlanyp, ýokarky böleginde deşik edilipdir. Deşiklerden gaýyş bag geçirilip, onuň gaçmazlygy üçin daňlypdyr. Çarygyň içine olduryk, ýagny onuň içine laýyk edilip goýulýan keçe ýa-da deri bölegi, petek goýlupdyr. Bu bolsa aýaklaryň ýyly bolmagyny üpjün edipdir. Çaryk köplenç dolak bilen geýlipdir. Muny halk döredijiliginiň: Çaryk geýdim dolak bilen, Sowuk baryn bilmedim —diýen setirleri subut edýär.

Täze habarlar