
Çäşewi
Türkmen zenanlarynyň lybaslary özüniň milliligi bilen tapawutlanýar. Olar asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelmek bilen, şol durkunda dowam etdirilýär. Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde zenanlaryň milli lybaslarynda aýratynlyk bardyr. Şolaryň biri-de çäşewidir. Ol aýallaryň kerpiç-kerpiç nagyşly ýüpek ýaglygy bolup, ilkinji gezek täze gelen gelniň başyna atylýar. Halk döredijiliginde hem çäşewi barada ýatlanyp geçilýär. Ýigidiň gelni alyp gelen ýeňňesidir öýlenýän oglanyň dost-ýarlary:
«Mahmal-begres içinde,
Saýlanýarsyň, gözel gyz.
Çäşewini atynyp,
Sallanýarsyň, gözel gyz»
ýa-da:
«Başyňda elwan çäşewi,
Ak zolakly ýollary.
Ýüwürjimiň taýy bolup,
Bagta besle ýyllary» —
diýip, küşt depip, gazal, toýuň şowhunyny artdyrypdyrlar.
Çäşewi ýaglygy diňe toýa niýetlenendir. Gyzyl çog ýaly çäşewini ýigidiň gelnalyjy bilen baran ýeňňesi gelni alan batlaryna onuň başyna atyp, ol tä gaýyn öýüniň işiginden ätleýänçä başyndan aýyrmandyr. Dürli nagyşlar bilen bezelmän, diňe dörtburçly şekiller ýerleşdirilip dokalýan çäşewidäki şol dörtburçlugyň hem-de olaryň daşyndan geçýän dürli reňkli, ýagny gök, ýaşyl, sary, ak zolaklaryňam uly many-mazmuny bar. Ol durmuşda dört tarapyň asuda bolmagy, çar ýanyňdaky halklar bilen dost-doganlykly, sazlaşykly gatnaşykda bolmagy aňladypdyr.