Çekize

Medeniýet
26.02.2024
195

Çekize

Halkymyz maldarçylyk bilen meşgullanansoň, düýe, sygyr, geçi, goýun süýdini yrýa etmän, dürli önümleri taýýarlap, gündelik durmuşynda azyklyk maksady bilen ulanypdyr. Şolaryň içinde çekizä has köp isleg bildirilipdir. Çekize barada aýdylanda, türkmen obalarynda agaçdan asylyp duran içi çekizeli ak haltalar göz öňünde janlanýar. Ak haltalarda çekize taýýarlamak irki döwürlerden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Süýt bişirilip, içine gönezlik atylyp, basyrylyp goýlupdyr we gatyk taýýarlanypdyr. Gatyk geçi derisinden edilen ýanlykda pişek bilen ýaýylyp, mesgesi alnypdyr. Galan goýy çaly akja halta salyp, asyp goýlupdyr. Soňra çalyň artyk suwlary süzülip, goýy çekize emele gelýär. Süzülip alynýanlygy sebäpli oňa süzme hem diýilýär. Bilşimiz ýaly, çekize naharyň ýanynda-da iýilýär, ondan dürli önümler taýýarlanylýar. Çekizeden taýýarlanan çal suwsuzlygyňy gandyrýar.