Çempion “Galkan”
“Galkan” we “ADIHIC-Kazan” toparlarynyň final duşuşygy örän dartgynly pursatlara baý boldy.
Andreý Makarow we Meýlis Kulyýewiň tälimçiliginde çykyş edýän “Galkan” topary ýeňil bolmadyk garşydaşyndan üstün gelmegi başardy. Final duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlan garşylykly hüjüme geçen toparlar 1-nji ýarymy 1:1 hasapda tamamlady. Ýaryşyň 2-nji ýarymy hem 1:1 hasapda tamamlanyp, umumy 2:2 hasap bilen soňky arakesmä çykdylar. Çempiony kesgitlejek 3-nji ýarymda bolsa galkanly hokkeýçiler oýuny doly ele aldylar we umumy 4:2 hasapda duşuşygy jemlediler.
Ýaryşyň üçünjiligi üçin göreşen “Feniks” we “Volat” toparlarynyň arasyndaky bolan çekeleşikli bäsleşik bolsa 12:4 hasapda Belarussiýanyň “Volat” topary üstün çykdylar we bürünç medalyň eýesi boldular.