Çeper elli zenanlaryň bäsleşigi

Jemgyýet
22.11.2025
86

Çeper elli zenanlaryň bäsleşigi

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşyjylar keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlaryny beýan edip, keşde çekmekde ilkinji taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdiler, el işleriniň sergisini guradylar. Ikinji şertde bolsa saýlap alan nagyşlaryny çeper sözde wasp etdiler. Jemleýji şert has-da täsirli bolup, onda zenanlar öz elleri bilen tiken, keşdelän lybaslaryny geýnip, milli keşde-nagyşlarymyzy goşgularyň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Magtymguly etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Şirin Alymowa we Bereket etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Sähedowa birinji, Balkanabat şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň tans goýujysy Jumasoltan Atabaýewa we 33-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Bibiselime Çakanowa ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň merkezi  kitaphanasynyň kitaphanaçysy Bägül Batyrowa we Esenguly etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Gülruh Gurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinji orny eýelänler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde