Çerimgärçilik sungaty

Taryh
16.06.2026
118

Çerimgärçilik sungaty

Eýlenip işlenilýän ham, deri we ondan taýýarlanýan gaýşa, teletine çerim diýilýär. Deri bilen iş salyşýan adamlar çerimçiler diýlip atlandyrylypdyr. Bu sungat nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Çerimçiler ownuk we iri mallaryň derilerinden dürli gön önümlerini ýasap, ussatlyklaryny görkezipdirler. Irki döwürlerde olar derini eýläp, çaryk, çokaý, ädik ýaly aýakgaplary, şeýle-de başgaplary taýýarlapdyrlar. Deri önümlerini taýýarlamak üçin sagdyn deriler saýlanyp alnypdyr, arpanyň unundan taýýarlanan aşgar peýdalanylypdyr. Soňra deri doly arassalanyp işlenipdir. Işlenen derilerden ýanlyk, tulum, gowa (guýudan suw çekmek üçin gönden, hamdan edilen gap), könek (düýe saglanda ulanylýan deri gap), at esbaplary, şeýle-de çäkmen, possun, içmek ýaly geýimler edilipdir.