Çerkez

Ýurduň çäginde
20.06.2025
58

Çerkez

Garagum sährasynda ösýän ösümlikleriň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri çerkezdir. Öz perzentlerine hem bu agajyň adyny dakmaklary onuň halkymyzyň durmuşynda uly orna eýediginiň güwäsidir. Çerkeziň ýurdumyzda iki görnüşi bar. Gara çerkez gyrymsy agaç bolup, esasan, günorta-gündogar Garagumuň aklaň çägeliklerinde bitýär. Gök çerkez ulgam çägelerde, Hazaryň kenaryndaky çägeli ýerlerde hem-de Üstýurtda ösýär.