Çigildem

Ýurduň çäginde
11.05.2026
35

Çigildem

Bahar paslynda türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýan çigildeme dag eteklerinde köp duş gelmek bolýar. Bu ösümligiň birnäçe görnüşi bolup, olaryň käbir görnüşleri biziň ýurdumyzda hem duş gelýär. Eziz Diýarymyzda çigildem Köpetdagda, Kürendagda, dag eteklerinde we baýyrlyklarda ösýär. Fewral aýynda ösümligiň ilki iki insiz ýapragy, soňra baldagy ösüp çykýar. Köpýyllyk ösümligiň düýbi sogana meňzeş bolup, sary ýa-da gyzyl owadan güli bolýar. Çigildemiň uzynlygy 15-40 santimetr aralygynda bolup, ol, adatça, bir sany gül açýar. Ýabany görnüşleriniň köp bolşy ýaly, medeni usulda ösdürilip ýetişdirilýän çigildemler hem bar.