Çöl towşany

Ýurduň çäginde
18.03.2023
576

Çöl towşany

Biziň ýurdumyzda towşanlaryň diňe bir görnüşi duş gelýär. Ol çöl towşany ady bilen mälimdir. Çöl towşanynyň göwresiniň uzynlygy 40-50 santimetre, yzky aýaklary 13 santimetre, agramy 1,5-2,8 kilograma çenlidir. Tüý örtügi goňras çaldyr, gyşyna gür we ösgün bolup, tomsuna gytyk we seýrek bolýar. Çöl towşanynyň gemrijileriňki ýaly alyn we azy dişleri oňat ösendir. Onuň reňki meýdanyň Güne ýanyp guran, çalaran ot-çöplerine çalymdaşdyr. Bu çalymdaşlyk towşany duşmanlaryndan goraýar. Ol juda hüşgärdir, eşidişi güýçlüdir. Ýerden pessaýja gelýän sarsgyny we howadaky ses tolkunlaryny oňat aňşyrýar. Duşmanyndan goranmak üçin çöp-çalamyň eteginde busup ýatýar ýa-da gaçyp gutulýar.

Çöl towşany otlan mahaly diňe bir ter otlary däl, eýsem, agaçdyr gyrymsy ösümlikleriň sütünleriniň, şahalarynyň gabyklaryny gemirýär, baldajyklaryny kertip iýýär. Iýýän ter otlaryndaky suw bilen teşneligini gandyrýar. Şonuň üçin hem suw gözläp ýörmeýär we suwsuz gum depeleriniň arasynda agyp-dönüp gezýär.

Täze habarlar