Çomuç

Syýahatçylyk
15.07.2024
421

Çomuç

Sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikler dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Şolaryň birem çomuçdyr. Ol ýurdumyzda Garagumda köpçülikleýin ösýär. Çomuç otjumak ösümlik bolup, onuň boýy 100-150 santimetre ýetýär. Ol aprel, maý aýlarynda gülleýär, maý - iýul aýlarynda ýetişýär. Çomuç halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Gumda bitýän çomujyň dermanlyk häsiýetleri ýokarydyr. Ondan toşap taýýarlanylýar. Köplenç toşap gum çomujy saýlanyp alnypdyr. “Çomujy gumuň - dermany emiň” diýilmegi şonuň üçindir. Çomuç toşaby tagamly, goýy gyzgylt reňkde bolýar. Toşap saryýaga garyp hem peýdalanylýar. Oňa “alaçaly ýag” diýilýär. Irki döwürlerde deriden edilen ýag meşigine saryýagy, toşaby guýup, agzyny berk baglap çägeli ýerde çukurda gömüpdirler. Soňra birnäçe wagt geçensoň üstüni açyp peýdalanypdyrlar.