“Çopan ýolunyň” ussady

Medeniýet
02.08.2023
846

“Çopan ýolunyň” ussady

Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow 1917-nji ýylda Esenguly etrabynyň Şahman obasynda çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Onuň ýaşlykda aýdym-saza höwesi uly bolup, şol döwrüň bagşylary bolan: Saparmyrat we Mämmetweli bagşynyň ýoluny dowam edip başlapdyr. 1938-nji ýylda ol Etrek etrabynyň Madaw obasyna göçüp gelýär, soňra dutarly toýlarda aýdym aýdyp başlaýar. N.Gulow 1943-nji ýylda Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düýbüni tutmaga gatnaşýar. Şol ýerde Begmyrat Çary diýen bagşa sataşyp, işçilere medeni hyzmat etmek üçin döredilen ansambla bagşy bolup gatnap başlaýar. Nurberdi Gulow Begmyrat Çarydan we Meret bagşydan sazyň inçe ýollaryny öwrenýär. Soňra ol Aşgabatda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowdan tälim alýar. N.Gulow Etrek şäherine göçüp gelenden soňra Etrek etrap medeniýet bölüminde dürli wezipelerde zähmet çekýär.

Halypa N.Gulow bagşyçylyk sungatynda aýdymlary düşnükli, her bir sözüni sünnäläp aýtmagy bilen täze ýoluň düýbüni tutdy. Bu ýola meşhur halypanyň özi “Çopan ýoly” diýip at dakdy. Ol, Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Magrupy, Kemine, Şabende, Mollanepes ýaly türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň, Baýram şahyr, Bäjän şahyr, Diwan şahyr balkanly şahyrlaryň goşgularyny hem-de “Aşyk Çaňly”, “Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp”, “Saýatly Hemra” dessanlaryny aýdyma salyp aýdypdyr. Şeýle-de, onuň “Ýandyrdyň Bibi”, “Bäri gel, bäri”, “Soňudagy”, “Dag saýar”, “Kösgünde”, “Galmanam, senden galmanam”, “Täze güllerde”, “Göründi”, “Bibiniň” ýaly birnäçe aýdymlary il içinde söýlüp diňlenilýär. Aýdym-saz sugatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, 1967-nji ýylda Nurberdi Gulowa “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy”, 1977-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar. Ol 1992-nji ýylda Etrek şäherinde aradan çykýar. N.Gulowyň nebereleri häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň we Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýaşaýarlar.

N.Gulowyň ilkinji şägirdi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanowdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ahmetberdi Mededow, bagşylar Seýden Dagdanow, Amangeldi Tagangeldiýew, Amanberdi Durdyjanow, Abdylgapur Amangeldiýew, Abdymämmet Welmämmedow, Baýmyrat Allamyradow, gyjakçy Berdi Berdiýew, halypanyň öz ogly Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gulmergen Gulow, agtygy Orazberdi Gulow, çowluklary Nurberdi we Güýçberdi Gulowlar ýaly başga-da birnäçe bagşylar Nurberdi halypanyň döreden “Çopan ýolunyň” yzyny ýöredip, türkmen toýlaryny bezäp gelýärler.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde