Çopan ýoly
Türkmenistanyň halk artisti, türkmen milli aýdym-saz sungatynda «Çopan ýolunyň» eýesi Nurberdi Gulowyň ýaşan döwründe bitiren işleri sanardan kändir. Onuň döreden ençeme aýdymlarydyr sazlary halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.
Nurberdi aga göwnaçyk, sada, süýji sözlüdi. Indi, görüp otursak, dilindäki şol süýjüligi aýdan aýdymlaryna, çalan sazlaryna hem siňen eken.
Halypadan: «Nurberdi aga, seniň ýoluň — hiç bir ýola meňzemeýän özboluşly, üýtgeşik bagşyçylyk ýoly. Muny nädip gazanyp bildiň?» diýip soranlarynda, ol: «Aý, biziňki bir çopan ýoly-da» diýip, ýönekeý jogap bererdi. Ussat bagşynyň bu sada jogaby onuň pespäldiginden habar berýärdi.
Eýsem «Çopan ýoly» diýlen at nireden gelip çykdyka? Bu sowalyň dogry jogabyny aýdym-saz bilen meşgullanýan ähli bagşy-sazandalaryň, ylaýta-da, meşhur bagşynyň ýolundan aýdym aýdýanlaryň ählisiniň bilmekligini zerur hasaplaýaryn. Sebäbi bu ýoldan aýdym aýdýan ýaş bagşylardan: «Halypa bagşymyz Nurberdi Gulowyň aýdýan ýoluna näme üçin «Çopan ýoly» diýýärler?» diýip soranlarynda, «Bagşy çopan bolup goýnuň yzynda gezipdir. Ol şol ýerde hem döräpdir» diýen ýaly anyk däl jogabyň berlenine özüm hem şaýat boldum. Bu barada ýazyjy Kasym Nurbadowyň «Garadepeli oglanjyk» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Onda agzalýan gürrüňleriň ählisi Nurberdi aganyň öz dilinden ýazylan.
Hawa, şol kitapda aýdylyşyna görä, Nurberdi aganyň dädesi Gulmergen aga çopan bolupdyr. Ýaşajyk Nurberdijigiň hem şol wagt ýaňy aýdym-sazyň yşkyna düşüp, bar güýmenjesiniň dutary bolup ýören döwri eken. Günleriň bir güni olaryň çopan goşuna sürüsini ýitiren bir çopan giçlik özüniň ýitigini gözläp gelipdir. Ol çopan şol gijäni Gulmergen aganyň goşunda geçirmeli bolupdyr. Şonda agşamlygyny edinip, ýaňy çaýyny öňüne alan çopanyň dulda asylgy duran dutara gözi düşüpdir. Ol öý eýesinden rugsat sorap, dutary eline alypdyr-da, saz çalyp, aýdyma hiňlenipdir. Onuň aýdýan aýdymy hüwdi ýaly ýakymly, gelin-gyzlaryň lälesi deýin şirin, olaryň yhymmyly kimin mylaýym bolup, şeýle bir süýjülige ýugrulan eken. Ine, aýdymdaky şol ýakymlylyk, şirinlik, mylaýymlyk, süýjülik, heniz ýaşajyk bolsa-da, üşüklije Nurberdijigiň gulagynda galypdyr. Kämilleşip ugranyndan soň, toý-tomaşalarda oňa hem aýdym aýtdyryp başlapdyrlar. Ýaşajyk Nurberdiniň ýakymly, özboluşly, mylaýym heňi oturanlary aňk edipdir. Ondan: «Inim, sen bu ýoly nireden tapdyň?» diýip soranlarynda, ol: «Bu ýol — bizde bir gije myhman bolan çopanyň ýoly. Munuň sebäpkäri şol çopan. Aý, bu bir hälki çopan ýoly-da» diýip aýdar eken. Soň-soňlar halypa bagşymyz Nurberdi Gulow ol heňi timarlap, öz ýoluny döredipdir.
Halypanyň özi aramyzdan gitse-de, onuň döreden ençeme aýdymdyr sazlary halkyň arasynda hemişelik ýaşaýar.