Çörek önümleriniň bolçulygy döredilýär
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çörek we çörek önümleriniň bolçulygyny döretmekde netijeli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bereket çörek kärhanasynyň işgärleri hem ýokary hilli galla önümlerini taýýarlamak bilen ilatyň isleg bildirýän harytlarynyň bolçulygyny döredýärler. Kärhananyň zähmetsöýer işgärleri üstümizdäki ýylyň geçen fewral aýynda 131 tonna çörek we çörek önümlerini taýýarlap, bellenilen iş meýilnamalaryna 105 göterim amal etdiler. Kärhanada çörek önümleriniň 5-6 görnüşi öndürilip, “Höwesli”, “Ruhubelent”, “Ahal çöregi” ýaly çörek önümleri geçginli harytlary hökmünde, kärhananyň “Altyn däne”, “Bereketli” dükanlarynyň üsti bilen ilata elýeterli bahadan ýetirilýär.
Çörek kärhanasynda öz işiniň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan işgärleriň onlarçasy zähmet çekýär. Ussa Nazar Nazarow, hamyr ýaýyjy Elýas Berdigylyjow, Soltanmämmet Elýasow, “Altyn däne” dükanynyň satyjysy Sähra Esenowa özlerine tabşyrylan işleriň abraý bilen hötdesinden gelmegi başarýarlar.
Kärhananyň işgärleri üstümizdäki ýylyň mart aýynda 141 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmekligi meýilnamalaşdyrdylar. Çörek we çörek önümlerini öndürijiler bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmek üçin şu günlerden yhlasly zähmet çekip, iş öndürijiliklerini has-da artdyrýarlar. Olaryň tutanýerli zähmeti geljekki üstünliklerden habar berýär.