Çüňki gök guş

Ýurduň çäginde
23.07.2024
171

Çüňki gök guş

Türkmen tebigaty özüniň ajaýyp haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Gözelligiň nusgasy hökmünde görülýän guşlar dünýäsiniň hem birnäçe wekilleri bu topraklarda mesgen tutandyrlar. Ýurdumyzda guşlaryň jemi 410-dan gowrak görnüşleri hasaba alnandyr.

Özüniň täsin daş keşbi bilen tanalýan ýurdumyzda duş gelýän “Gorçy” atly guşlaryň beýleki guşlardan tapawutly tarapy çüňkleriniň gök reňkde bolmagydyr. Gazşekillileriň ählisiniň durmuşy suw bilen bagly bolandygy sebäpli olaryň penjeleriniň arasy perdeler bilen örtülendir. Bu guşlar ýeleklerini ýaglap durýar, şol sebäpli hem suwda bolsada öl bolmaýarlar. Suwuň düýbünde ýarym minut ýüze çykmazdan 40 metr aralygy geçip bilýär. Gorçynyň uzynlygy – 43-49 sm, ganatlarynyň gerimi – 63-71 sm. Bu guşlar uçuş ukybyny saklap galan iň kiçi ganatly guşlara girýär.

Gorçyny Türkmenistan ülkämizde – Hazar deňzinde, Etrek, Garagum, Tejen, Murgap we Amyderýa derýalarynyň boýunda duşmagy mümkin bolýar. Merkezi we Kiçi Aziýanyň günortasynda gyşlaýar. Bu täsinjeler gizlin gezýär. Ösümlik (ýaprak, suwoty, tohum) we haýwan (maýda balyklar, leňňeçşekilliler, balykgulaklar) iýmiti bilen iýmitlenýär. Gündizki guş bolsada uçuş migrasiýasy gije bolýar.

Gorçy örän seýrek we gowşak öwrenilen görnüş. Ol TGHB-iň (Tebigaty goramagyň halkara birleşigi) Gyzyl sahypasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen.