Çürçüri
Diýarymyzda ýaşaýan täsin guşlaryň biri-de çürçüridir. Bu guşlar Garagum sährasynyň ýarym berkän we aklaň çägeliklerinde ýaşaýarlar. Olaryň «çür-çür-çür» edip ses edýändigi bilen bagly gum obalarynyň ýaşaýjylary olaryň adyny sesleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Başgaça oňa “Sazak guşy” hem diýilýär. Onuň täsin hereketleri bardyr. Çürçüri gyrymsy agaçlaryň depesine çykyp, töweregi synlaýar. Haçan-da öz ýaşaýan tebigy meýdançasyna keseki jandarlar aralaşanda, derrew bokurdagyna sygdygyndan ses edip başlaýar. Bu beýleki kowumdaşlaryny duşman howpundan habarly edýän çagyryşydyr. Şeýle-de, ol ýerde çalasyn ylgamaga ukyplydyr, ýerde ýaşamagy, çägäniň üstünde gezim etmegi halaýar hem-de kä uçup, kä ýakyn aralyga ylgap gidip, duşmanlarynyň ünsüni başga ýana sowmaga çalyşýar. Gyrymsy agaçlarda okara şekilli höwürtge gurýar. Agramy bary-ýogy 90 gram töweregi bolan guş sazagyň tohumy, ownuk jandarlar bilen iýmitlenýär. Ol ätiýaçlyk iýmitlerini agaçlaryň köweklerinde, buky ýerlerde saklaýar.