Çuwal
Halkymyzda dokama önümleri dürli ugurlar boýunça ulanylypdyr. Bir tarapdan, hojalyk hajatlary üçin ulanylsa, beýleki tarapdan, bezeg hökmünde hem peýdalanylypdyr. Şolaryň biri-de çuwaldyr. Gadymdan bäri öýüň içki bezegi, şonuň ýaly-da öý goşlary saklanýan gap bolup hyzmat eden çuwal kakma görnüşinde dokalýar. Türkmen çuwallarynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Olara hojalykda ulanylyşyna, salynýan nagyşlaryna, reňklerine esaslanyp at dakylypdyr: ak çuwal, gyzyl çuwal, kyrk sargyly çuwal, argyş çuwal we beýlekiler. Ak çuwalyň ýerligi ak bolup, nagyşlary dürli-dürlüdir. Ýerligi gyzyl bolansoň, gyzyl çuwal adyna eýe bolan çuwalyň diňe iki tarapyndaky agzy 25 - 30 santimetr beýiklikde nagyşly bolup, galan ýerleri gyzyl ýüpden kakylandyr. Çuwallaryň bu görnüşi öý goşlary bolan halylary, palaslary, keçeleri saklamak üçin hyzmat edipdir. Kyrk sargyly çuwal durmuşa çykýan gyzlaryň dokuzyny salmak üçin peýdalanylypdyr. Argyş çuwal durmuşda azyk harytlaryny saklamak üçin niýetlenip, oňa kerwen uzak ýola gidende, arpa, bugdaý guýup, düýelere ýükläpdirler.