Çyrpy
Türkmen halkynyň zenanlarynyň el işleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. “El hünäri il gezer” diýilmegi ýa-da şahyryň “Seniň eliň, meniň dilim hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere” diýip aýtmagy, megerem, şonuň üçindir. Türkmen milli zenan lybaslarynyň biri-de çyrpydyr. Ol elde dokalan ýüpek keteniden tikilýär. Toýlarda başa atylýan çyrpy kürtä meňzeş bolup, tutuşlygyna nagyş bilen keşdelenýär. Çyrpyny zenanlar ýaşlaryna görä atynypdyrlar. Mysal üçin, ýaşyl çyrpyny ýaş gelinler atynsa, sarysyny orta ýaşan zenanlar, ak çyrpyny bolsa ýaşuly zenanlar atynypdyrlar. Çyrpylar çigildem, ösümlik, çaňňa ýaly nagyşlar sünnälenip salnypdyr. Onuň aşak etegi seçek bilen bezelipdir. Halk döredijiliginde “Joram geýen çyrpysy, nagyşlary gülmüdir?” diýilmegi hem onuň zenanlaryň söýgüli lybaslarynyň biridigini tassyklaýar.