Çyrpy

Taryh
17.03.2026
135

Çyrpy

Zenan başatgyjy bolan çyrpy çeperçilik taýdan iň bir kämil we owadan önümdir. Olar biçilişi, tikilişi boýunça meňzeş bolsa-da, reňkleri, nagyşlary, geýliş düzgünleri boýunça biri-birinden tapawutlanypdyr. Ýaşyl, sary çyrpylar elde dokalan gyrasarysyz ýüpek keteniden ýanly biçüwde biçilip tikilipdir. Kürteleriň donlaryňky ýaly hakyky ýeňleri bolan bolsa, çyrpylara bir gatly uzyn, inçe «ýalan» ýeň tikilipdir. Ýeňine inçe uzyn ýeňsapy tutulypdyr. Olaryň eteklerine, ýeňlerine gyzyl we gara seçekli inli ýa-da insiz dokalan zolak tikilipdir. Soňkurak tikilen çyrpylar has kämilleşip, seçekleriniň ujy sary, ak reňk bilen pürçüklenipdir. Çyrpylar ownuk gülli nah matalar bilen içliklenipdir. Ak çyrpylar ýeňiljek ak ýüpek matalardan tikilip, ak nah mata bilen içlik tutulypdyr. Ýaşyl çyrpy ýaş gelinleriň başatgyjy bolup, ol boýdan-başa owadan nagyşlanypdyr. Bu ýapynjanyň ýerligi ýaz paslynyň gül-gülälekli meýdanyny ýadyňa salyp, «çigildem», «çopantelpek», başga-da birnäçe nagyşlar bilen doldurylypdyr. Orta ýaşly zenanlar güýz paslyna meňzedilip, sary reňkli çyrpyny atynypdyrlar. Bu çyrpy ýeňil bolar ýaly seýrek hem-de ýuka nagyşlanypdyr. Seýrekligine garamazdan, nagyşlar örän owadan hem gelşikli keşdelenipdir. Ak çyrpylara bolsa, esasan, «çynar ýaprak», «daragt» nagyşlary keşdelenip, ol durmuş daragtyny alamatlandyrypdyr. Onuň şahalarynyň çar tarapa ýaýrap gitmegi bolsa agzybir maşgalanyň beýany bolupdyr. Çyrpyny taýýarlamak işi örän köp zähmeti talap edipdir. Bir ýaşyl çyrpyny keşdelemek işi kähalatlarda bir ýyla golaý wagt alypdyr.