Dabaraly baýramçylyk maslahaty
Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk gutlagyndan ruhlanan nebitçilerdir gazçylar, geologlar hem bu çärede çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk sütünleriniň biri bolan nebitgaz ulgamynda we geologiýa pudagynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler, ägirt uly özgertmeler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda göreldeli zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara we geologlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar dabaraly çärä aýratyn ruhubelentlik nuruny çaýdy.