Dabaraly konsert
Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş baýramy uly dabara bilen bellenip geçirilýär. Bu baýramçylyk esasy baýramlaryň biri bolup, ol hem şatlykly hem gynançly baýramçylyk. Şu günler 1941-1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda frontda söweşip öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, gelen weteranlary hormatlamak dabaralary ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bellenip geçirilýär.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde TNGIZT-nyň medeni sport toplumynda ir säher bilen medeniýet sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda aýdym- sazly dabara boldy. Oňa harby bölümlerde gulluk edýän esgerleriň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy. Onda watançylyk temada kompozisiýalar, aýdymlar we sazlar ýerine ýetirildi. Konsertde türkmen rus dillerinde aýdymlaryň joşgunly ýerine ýetirilmegi bu ýere ýygnanan tomaşaçylaryň uzak wagtlap el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.