Dag goýnundaky ajaýyp ýadygärlik
Ýurdumyzda ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olar döwlet tarapyndan goralyp saklanýar. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynyň golaýyndaky Ferideddin Muhammet Şyh Attaryň aram tapan kümmetidir. Meşhur sopy, alym, tebip filosof bolan şahs dürli ot - çöplerden däri - derman taýýarlamakda ussat bolupdyr. Däri - derman taýýarlaýan adamlara Attar diýlipdir. Onuň “Ylhamnama”, “Esrarnama”, “Hysrownama” we beýleki eserleri bar. Taryhy maglumatlara görä, ol 1230-njy ýyllarda dünýäden gaýdypdyr. Onuň hormatyna şu ýerde ýadygärlik gurlupdyr. Alymlar onuň gurlan wagtyny, takmynan, XIII - XVI asyrlar diýip çaklaýarlar. Aramgäh orta asyr binagärligine mahsus nusgalary özünde jemleýär. Gündogar binagärliginiň äheňlerinde salnan ýadygärligiň beýikligi 11 metrdir. Kümmetiň dört tarapynda hem girelgesi bar. Diwarlarynyň ýüzünde reňkli bezegler edilipdir. Dagyň ajaýyp ýerinde, ençe asyrlara şaýat bolan çynarlaryň arasyndaky gadymy ýadygärlik köpleriň gelim-gidimli ýeridir.