“Dam-dam” atly datly içgiler

Ykdysadyýet
24.02.2025
58

“Dam-dam” atly datly içgiler

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhana alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli alyp barýar. Kärhanada ornaşdyrylan döwrebap önümçilik enjamlary «Dam-dam» ady bilen öndürilýän alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Bu ýerde ýylda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň bolsa 15 million litrden gowragyny öndürmäge zerur şertler bar.

Gazlandyrylan datly içgileri hem-de arassa agyz suwuny öndürmekde Ýasga ýerasty tebigy kölüniň suwy ulanylýar. Ýörite suw geçirijiler arkaly kärhananyň önümçilik bölümine gelip gowuşýan agyz suwunyň ýokary hilli süzgüçler arkaly iki tapgyrda arassalanylyp, ylmyň gazananlaryna daýanýan barlamhana gözegçiliginden geçirilmegi çig malyň tebigy arassalygyny has-da berkitmäge ýardam berýär. Datly içgileri gaplamak üçin gerek bolan polietilen gaplaryň ilkinji görnüşi kärhananyň ýöriteleşdirilen önümhanasynda gerekli sygym görnüşlerine getirilýär. «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň önümlerine sarp edijiler ýylyň islendik paslynda hem ýokary isleg bildirýärler.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde