Daraklyk

Ýurduň çäginde
09.10.2025
60

Daraklyk

Daraklyk diýlip atlandyrylýan guş kebelek, tomzak, ary ýaly iri mör-möjekleri awlap, olary güle, suwa, şirä tarap uçup barýan wagty tutýarlar. Ganatlaryny ýaýyp, asmanda birnäçe wagt arkaýyn saklanyp bilýän bu guşlara, esasanam, Hazaryň kenarýakalarynda dagyň depesinde uçup ýören wagty duş gelmek bolýar. Daraklyklaryň ýaşyl we altynsow görnüşleriniň gelşikli, açyk gök, ýaşyl, sary reňk öwüşginleri bolýar. Köplenç agaçlaryň, aragatnaşyk we elektrik simleriniň üstünde, şeýle hem kenarýakalarynda gabat gelýärler. Bu guşlaryň uzyn çüňki biraz aşaklygyna eglendir. Ýazylyp duran darak ýaly guýrukly, gursagy sary, gözüniň gapdaly gara zolakly daraklyklar köplenç topar bolup uçýarlar, käýerlerde iki-ýeke hem gabat gelýärler. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Esenguly meýdançasyndaky Delili kölüniň töwereginde mör-möjekler köp bolansoň, ol ýerlerde ýaşyl daraklyga köp duş gelinýär. Olar köpeljek wagty topar bolup uçup, beýik gaýalara tarap çekilýärler we höwürtge ýasamak üçin ýarçykly, köwekli ýerleri saýlap alýarlar. Daraklygyň horazy mäkiýanyndan ululygy boýunça biraz tapawutlanýar. Höwürtge ýasamaga ikisi-de gatnaşýar. Ilkibada olar çüňkleri bilen höwürtge ýasanjak ýerlerini köwüp deşýärler, soňundan içine girip gazýarlar. Üýşen topragy aýaklary bilen daşyna çykarýarlar. Höwürtge gurmak üçin 10-15 gün gerek bolýar. Olaryň höwürtgesi daşyndan ownuk gemrijileriň hinine meňzeýär. Çuňlugy bir metr, kähalatlarda ondan hem geçýär, guşuň oturjak ýeri biraz giňräk bolýar. Höwürtgäni ýasap gutaransoňlar, mäkiýan guş üç-bäş sany togalagrak ak ýumurtga taşlaýar. Ol öz ýumurtgalaryny basyp oturýar, horazy bolsa oňa iýmit daşaýar. Ilkinji jüýje 20-21 günden soň çykyp başlaýar. Jüýjeleriň hemmesi bir wagtda çykmaýar, şonuň üçin olar deň ösmeýärler. Käwagt iň soňky çykan jüýje ejiz bolýar. Daraklyklaryň jüýjeleri iýermen bolansoň, çalt ulalýarlar, 30-35 günde özbaşdak uçmaga başlaýarlar.

Täze habarlar