
Daş dörüji çuluklar
Guşlar biri-birine meňzemeýän owadanlyklary we özboluşly hereketleri bilen tapawutlanýarlar. Şeýle guşlaryň biri-de daş dörüji çuluklardyr. Ownuk çuluklaryň hataryna degişli bolan bu guşlar Hazar deňziniň kenarýakalaryna demirgazyk tarapdan uçup gelýärler. Deňiz kenaryna baryp synlasaň, bu enaýyja, owadanja guşlaryň hereketlerine haýran galýarsyň. Çulujaklar 7-8 sany bolup, toparlanyşyp gezýärler we deňiz tolkunlarynyň getirýän ownuk janly-jandarlary bilen iýmitlenýärler.
Daşdörüji çuluklar toparlanyşyp, deňiz kenarynda oturýarlar. Tolkunlar kenara gelip, yzyna çekilen wagty guşjagazlar bökjekleşip, ýatan jandarlary tutýarlar. Indiki tolkun kenara tarap gaýdanda bolsa, suwa ezilmejek bolup, derrew yzlaryna tarap ylgaşýarlar. Soňra suwuň ýakasyndan biraz uzagrakda ýatan ownuk daşjagazlary agdaryşdyryp, olaryň aşagynda ýatan ownuk mör-möjekleri çöpleýärler. Kähalatlarda ulurak daşy bir guş gelip agdarjak bolup synanyşýar.
Onuň güýjüniň ýetmeýändigini gören beýleki guşlar kömege gelip, arkalaşyp, daşy beýlesine agdaryp, onuň aşagyna ýygnanan jandarlary iýýärler. Şeýle ýagdaý tä garynjyklary doýýança gaýtalanýar. Şol sebäpli hem çulugyň bu görnüşine «daş dörüji» diýip at dakylypdyr. Bu özboluşly owadanja guşuň arkasynyň ýelekleri ýaşylymtyl-gara reňkli bolup, sarymtyl menekler bilen örtülendir. Döşi çal, garyn tarapy ak reňklidir. Horazy mäkiýanyna garanyňda has açygrak, owadan reňklidir. Diňe gyş aýlary ikisi-de meňzeş garamtyl reňkde bolýarlar.