Daşdan gap

Medeniýet
16.04.2024
298

Daşdan gap

Irki döwürlerde toýundan we daşdan dürli maksatlara niýetlenen önümler ýasalypdyr. “Dehistan” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginden tapylan küýzegärçilik we daşdan ýasalan önümler hem göwrümi, ýasalyşy, ululygy taýdan dürli-dürlüdir. Orta asyr Dehistan şäherinde ýasalyp, XII-XIV asyrlara degişli bolan gap daşdan edilendir. Ol küýzegärçilik önümlerine meňzedilip taraşlanyp ýasalypdyr. Onuň aşak tarapy süýnmekden çüri görnüşindedir. Agzyny berk ýapmak üçin deri bilen beklenipdir we bokurdagyndan ýüp bilen asylyp saklanypdyr. Onuň sygym göwrümi 100-150 millilitr bolupdyr. Hünärmenler bu gabyň derman ýa-da simap saklamak üçin niýetlenendigini aýdýarlar. Ol birnäçe asyr geçse-de, öz durkuny saklap gelýär.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde