Jemgyýet
16.07.2025
343
Datly miweler — saçaklarymyzyň bezegi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasynda döwlet tarapyndan 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýer böleginde eken bagçylygynda bol hasyl kemala geldi. Şu günler telekeçi bagbanyň 5 gektar ýer böleginde ösdürip ýetişdiren 5 müň 500 düýpden gowrak baglaryndan datly miweleri ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde erik, alma, armyt, şetdaly, garaly ýaly baglaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleri bar. Telekeçi bagban möwsümiň ahyryna çenli dürli miweleriň 40 tonna golaýyny ýygnap almagy maksat edinýär.