Datly nygmat
Tomus we güýz pasyllarynda bazarlarymyzda iň geçginli nygmatlaryň biri bolup durýan üzümiň ynsan bedenini berkitmekde peýdasy uludyr. Onuň düzüminde kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý ýaly peýdaly maddalar bar. Şol sebäpli üzüm adamyň saglygynyň we beden berkliginiň gözbaşy hasaplanylýar. Görnüşine we ösen şertlerine baglylykda, üzüm agajynyň miwelerinde 14 — 25 göterim ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza, fruktoza, rafinoza, ksiloza bady. Üzümiň düzümindäki maddalar adamyň kadaly ýaşaýşy üçin zerur gereklidir. Mysal üçin, üzüm iýlende, glýukoza tiz wagtdan gana geçýär. Şol sebäpli energiýanyň köp sarp edilmeginiň öwezi ganyň üsti bilen üznüksiz iýmitiň ýetirilip durulmagy arkaly doldurylýar. Üzümiň bejeriş we berhizlik häsiýetlerinden başga-da onuň güýçli antiseptiki täsiri hem bardyr. Ol birnäçe kesel dörediji ýokançlaryň öňüni alýar. Üzüm ganazlygy, ýürek-damar, bagyr kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bognagyryny bejermekde örän haýyrlydyr.