Daýhan derinden zer önýär
Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygy oba hojalyk önümlerini öndürmekde we şertnamalaýyn borçnamany berjaý etmekde ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýär. Häzirki wagtda 150-ä golaý işgäri bolan daýhan hojalygynyň agzybir işgärleri döwletimiz tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 5 müň 517 gektar meýdanda galla we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler.
Şu ýylyň hasyly üçin 3200 gektar meýdana azyklyk bugdaý ekip, ondan ýokary hasyl ýetişdirdik. Nesip bolsa, her gektardan 40 sentnerden gowrak hasyl alarys diýen ynamymyz bar — diýip, «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Şöhrat Hajygylyjow buýsanç bilen aýdýar.
Daýhan hojalygy tarapyndan «John Deere», «CLAAS» kysymly traktorlaryň, ýer sürüji, tekizleýji we ekiji döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna we mukdarynyň artmagyna getirýär. Hojalykda agronom Gurbansähet Gurbanýazow, topar ýolbaşçysy Maksat Tagandurdyýew, mehanik Ýolaman Towyýew, mehanizator Çagylly Ketdäýew, suwçular Guwanç Julkyýew, Serdarberdi Emirow dagylar tutanýerli zähmet çekmek bilen, ýurdumyzda galla harmanyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.