Daýhan hem bagban zenan
Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, bu günki gün tejribeli bagbanlaryň biri hökmünde tanalýan Bibihajar Hojageldiýewa ene topraga yhlasyny siňdirip, abraýdyr sylaga eýe bolýan zenanlaryň biridir.
B.Hojageldiýewa 42 ýyldan gowrak wagt bäri oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp, bu ugurda öz göreldesini görkezip gelýär. Ol Magtymguly etrabynyň “Sumbar” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işlän döwründe, ýagny 2006-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanylýar. Şol ýyl Bibihajar Hojageldiýewa özüniň kärende meýdanyna gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almagy başarýar. Kärende ýerine bugdaý ekip, bol galla hasylyny döwlet harmanyna tabşyran ýylynda, ýagny 2009-njy ýylda daýhan zenan “Gaýrat” medalyna mynasyp bolýar.
Ömrüniň agramly böleginde bagbançylyk bilen hem meşgullanyp gelýän zenan häzirki wagtda 4 gektara golaý kärende ýerinde miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär. Meýdanyň köp ýerini nar, alma baglary, galan ýerlerini bolsa dürli görnüşli miweli baglar tutýar. Ol 400 düýp nar agajyndan şu ýyl 4 tonna hasyl almaklygy göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Bagbançylyk işinde oňa adamsy Annamämmet aga we perzentleri ýakyndan kömek berýärler.
- Her bir düýbüne yhlas siňdirseň, oňa öz çagaň ýaly seretseň, baglar bereketini bolluk bilen eçilýär. “Çekseň zähmet, ýagar - rehnet” diýlişi ýaly, yhlasly zähmet çekseň, onuň hözirini hem görüp bolýar. Diňe yhlas bilen zähmet çekmek gerek - diýip, zähmetsöýer zenan buýsanç bilen nygtaýar.