Daýhan hojalygynyň täze ýyladyşhanasy

Ýurduň çäginde
02.01.2026
28

Daýhan hojalygynyň täze ýyladyşhanasy

Bereket etrabynda «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin guran döwrebap ýyladyşhanasyny ulanmaga berildi. Şu mynasybetli bu ýerde guralan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanasy Niderlandiýada, Türkiýede, Gresiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilipdir. Döwrebap tehnologiýalar ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 10 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 13,6 gektara barabar bolan ýyladyşhana birbada täze iş orunlarynyň 150-den gowragyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýerde agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işi geljek ýylyň tomus aýyna çenli dowam eder. Ýyladyşhanada ýygnalýan pomidor hasylynyň içerki bazarlardan artan bölegini daşarky bazarlara satuwa  ugratmak göz öňünde tutulýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet