Daýhanlaryň yhlasly zähmeti

Ykdysadyýet
02.08.2023
340

Daýhanlaryň yhlasly zähmeti

Güneşe baý bereketli hem-de sahawatly türkmen topragynda ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän Balkan welaýatynyň babadaýhanlary şu günler has-da yhlasly zähmet çekýärler. Olar häzire çenli gök önümleriň 21 müň 400 tonnasyny ýygnap, ilata ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu babatda gazanylan ösüş 160 göterime ýetdi. Gürrüňi edilýän döwürde ýygnalan bakja önümleriniň umumy möçberi 3 müň 400 tonna bolup, ösüşiň depgini 117 göterim ýokarlandy. Ýygnalan ýeralmanyň umumy möçberi bolsa 20 müň tonna barabar bolup, geçen ýyla gatnaşygynda ösüşiň depgini 195 göterime ýetdi. Miweler babatda bolsa bu görkeziji 20 müň 600 tonna golaýlady.

Bu önümçilik görkezijileri balkanly babadaýhanlaryň ilaty gök, bakja önümleri, miweler bilen bolelin üpjün etmek boýunça wezipä mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýdyň görkezýär.