Dehistan

Taryh
20.11.2024
19

Dehistan

Dehistan dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine täsirini ýetiren Türkmenistanyň gadymy ylym we medeniýet ojaklarynyň biridir. Bu ýerlerde XIII asyra çenli Horezm şalarynyň döwründe iň ýokary kuwwatlyga ýeten Misserian şäheri ýerleşipdir. “Dehistan Müsüri” diýlip atlandyrylan Maşat-Misserianda giçki bürünç, irki demir eýýamlarynyň we orta asyrlaryň yzlary saklanyp galypdyr.

“Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde köp ýyllaryň dowamynda türkmen alymlary bilen birlikde, fransuz arheologlary işlediler. Olaryň açyşlary Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we dünýäniň köp ýurtlary bilen medeni we söwda gatnaşyklaryny saklan, bir döwür gülläp ösen ýaýlanyň durmuşy barada doly düşünje almaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde gözelligi we ajaýyplygy boýunça täsin minaralaryň, gadymy medreseleriň, kerwensaraýlaryň we beýleki şäher desgalarynyň galyndylaryny görmek bolýar. Şir-Kebir ady bilen belli bolan Maşat ata metjidi IX-X asyrlaryň binagärliginiň ajaýyp ýadygärligi bolup durýar.

Akabalaryň, uly we kiçi howuzlaryň, guýularyň, kanallaryň yzlary, arpanyň, bugdaýyň, künjiniň galyndylary, täsin nagyşlary bolan bürünç gaplar, ýer tamdyrlary Maşat-Misserian giňişliginde adamzadyň ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň ýüze çykandygyna şaýatlyk edýär. Arheologlar tarapyndan öz döwri üçin kämil suw geçirijiler, lagym ulgamlary, hatda hammamlar ýüze çykaryldy. Goňşy ýerlere garanyňda, Misserianda bişen kerpiç has öň giňden ýaýrapdyr. Özem olar diňe bir ägirt uly desgalarda däl-de, eýsem, köpçülikleýin gurluşyklarda ulanylypdyr. Şol döwrüň durmuş serişdeleri, amaly-haşam sungatynyň önümleri hem şäher senagatynyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär.

“Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasy ildeşlerimiziň we daşary ýurtly syýahatçylaryň höwes bilen syýahat edýän ýerleriniň biridir.