Dehistanyň baýrynda...

Syýahatçylyk
04.07.2024
243

Dehistanyň baýrynda...

Bir döwletiň şöhratly taryhynyň bolmagy şol döwletiň güýçli döwletdigine kepil geçýär. Şol geçilen taryhy ýyllaryň öwrenilmegi bolsa möhümdir. Her bir ynsanyň geçmişine buýsanyp ýagty geljegi nazarlamagyny gazanmak üçin bolsa şol taryhyň goralmagy hökmanydyr.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň:

Dehistanyň baýrynda,

Bady-sabany görsem...

diýen setirlerine siňen gadymy Dehistan topragy häzirki wagtda hem her bir türkmen topragynda kemala gelen ynsanyň öz geçmişine buýsanmagy üçin elýetmez mirasdyr.

Öz gözbaşyny III asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýan Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşen Maşat-Misserian düzlügindäki gadymy Dehistanyň taryhyna ser salsak, onuň 200 gektar töweregi meýdany eýeleýän uly söwda we medeniýet ojagy bolandygyny görmek bolýar. Dehistan şol döwrüň şäherleriniň köpüsinde bolşy ýaly içki gala we “Rabat” (ýaşaýyş we söwda ýerleri) bilen berkidilen “Şähristana” bölünipdir. Dehistanda şäher medeniýetiniň ösüşiniň ýokary derejesi onuň bezeg daşlary bilen ýasalan önümleriň, bürünç gazanlaryň, metal we aýna önümleriň tapylmagy hem-de şäherde gurnalan suw üpjünçiligi, lagym ulgamy we hammamlary şaýatlyk edýär.

Dünýä belli meşhur şahyr Firdöwsiniň hem özüniň ajaýyp “Şanamasyny” hut şu şäherde ýazanlygy hem aýdylýar. Häzirki wagtda bu topraklarda meşhur Şir-Kabir mawzoleýi, beýikligi 25 m bolan iki say minara, palçykdan ýasalan şäher diwarlarynyň galyndylary, Maşat kerwen-saraýlaryň we mawzoleýleriň harabalyklary saklanyp galandyr. Dehistan ýadygärlikler toplumy Merw we Köneürgenç ýaly orta asyryň ösen şäherleri bilen deňeşdirilýär.

Geçen şöhratly taryhymyzyň subutnamasy bolan gadymy Dehistanyň ýadygärlikleri toplumy türkmen arheologlary galyberse-de dünýäniň meşhur arheologlary tarapyndan hem dowamly öwrenilýär we ÝUNESKO-nyň taryhy ýadygärlikler toplumyna hödürlenilýär. Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşen Dehistan taryhy ýadygärlikler toplumy Türkmenistanyň iň bir täsin ýerleriniň biri hasaplanylýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde