Demir ýol menzili- XIX asyryň ýadygärligi

Ýurduň çäginde
06.06.2023
388

Demir ýol menzili- XIX asyryň ýadygärligi

Ol 1895-1896-njy ýyllarda gurlan. Onuň gurluşygyna şol wagtlar kenarýaka şäherinde işlän Sankt-Peterburgyň belli arhitektory Alekseý Leontýewiç Benua ýolbaşçylyk edipdir. Demir ýol wokzalynyň durky birnäçe gezek täzelenip, şondan bäri geçen 125 ýyldan gowrak wagtyň içinde doly güýjünde işläp, ýolagçylara hyzmat edip gelýär. Wokzalyň binasy Merkezi Aziýanyň ähli demir ýollarynda iň owadan jaýlaryň biri hasaplanýar. Onuň diwarlarynyň nagyşlarynda Buhara emiriniň köşgüniň nagyşlary bilen meňzeşlik gabat gelýär.

Şeýle-de, demirýol wokzalyň esasy binasy galyň belent diwarlary bolan bir gat jaýdan ybarat. Bu ýerde 3 sany giň we ýagty otaglar bolup, olaryň birinde demirýol petekleri satylýan kassalar (gaznalar) ýerleşýär. Ýene birinde ýolagçylar dynç almak üçin niýetlenen köp sanly oturgyçlar oturdylan. Otaglaryň arasyndaky giň däliz bolsa stansiýanyň içine girilýän we daşyna çykylýan geçelge bolup hyzmat edýär. Stansiýanyň jaýyndan ýolagçy platformasyna çenli özboluşly owadan basgançaklar eltýär. Binanyň ýerzemini hem bolup, onda hojalyk-dolandyryş otaglary ýerleşýär.

XIX asyryň taryhy ýadygärligi hökmünde döwletimiz tarapyndan goralýan bu bina kenarýaka şäheriniň häzirki zaman binalary bilen oňat sazlaşygy emele getirip, Türkmenbaşy şäherine aýratyn bezeg berýär.

Täze habarlar