Demirtiken
Demirtikeniň dünýäde 20, Türkmenistanda 2 görnüşi duş gelýär. Bu haşal, dermanlyk ösümlik düýedabanlar maşgalasyna degişli bolup, inçejik kökli birýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol baldagynyň ýere ýazylyp ösýändigi bilen tapawutlanýar. Demirtiken maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabr aýlary aralygynda miweleýär. Diňe tohumlary arkaly köpelýär. Bu dermanlyk ösümlige ýurdumyzyň ähli etraplarynda duşmak bolýar. Demirtiken dermanlyk üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň dermanlyk ähmiýeti dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň birinji jildinde maglumat berilýär. Halk lukmançylygynda ondan taýýarlanan jöwher bilen peti iç sürüji, ganly içgeçmäni, kelleagyryny dep ediji, gözüň sowuklamasyna haýyrly, ýarany bitiriji, buşukdyryjy, şonuň ýaly-da gurplandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.