Deňiz garabalygy

Syýahatçylyk
20.01.2023
372

Deňiz garabalygy

Hazar deňzinde balyklaryň ençeme görnüşleri köp sanda duş gelýän bolsalar, käbirleri az sanly bolup, seýrek duşýarlar. «Deňiz garabalygy» diýlip at berilýän görnüş hem juda az sanda duş gelýän balyklaryň hataryna degişlidir. Deňiz garabalygy balyklaryň alabugalar maşgalasyna degişlidir. Bu maşgalanyň hataryna deňiz garabalygyndan başga-da derýa silesi, alabuga we maňňalaçlaryň dürli görnüşleri girýärler. Bu maşgala girýän balyklaryň ençemesiniň bedenlerinde ak we gara zolaklar, arkalarynda goşa hatar ýüzgüçleri bolup, olaryň öň hatarkysy gaty, yz hatardakysy bolsa ýumşak ýüzgüçlerdir. Agyz boşluklarynda ýiti dişler ýerleşýär. Deňiz garabalyklarynyň uzynlygy 50-62 santimetre, agramy 2 kilograma çenli ýetýär. Olar Hazar deňziniň ähli ýerlerinde seýrek duş gelýärler. Köplenç günorta-gündogar Hazarda, ýagny deňziň türkmen kenarýaka suwlarynda, esasan-da, Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinden Garabogaz şäheri aralygynda mesgen tutýarlar. Sebäbi şol ýerleriň suwasty topragynyň köp ýerleri daşlyklar bilen örtülendir. Bu bolsa, öz gezeginde, balygyň biologik aýratynlygyna baglylykda, olara işbil taşlap, köpelmek üçin amatly şertleri döredýär.

Deňiz garabalygy ýyrtyjy balykdyr, ol dürli görnüşli ownuk balyjaklar, şeýle hem leňňeçler, ýantymlar, krewetkalar we beýleki janly-jandarlar bilen iýmitlenýär. Süýji tagamly bu balygyň etinde ýagy az bolup, şol ýaglar içki agzalarynyň daşyna köp ýygnanýarlar. Onuň tagamly, jana şypa beriji eti ençeme dertleriň dermanydyr.