
Deňiz suwotulary
Ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty dürli öwüşginliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan ýerleriň biri-de Hazar deňzidir.
Deňizde suwotularynyň dürli görnüşleri ösýär. Şolaryň iň ýaýran görnüşleriniň biri-de haralardyr. Suwotularynyň oňat ösmegine şertleriň bardygyna şol ösümligiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Çalt ösýän ösümlikleriň käbirleriniň baldajyklarynyň uzynlygy iki metre çenli ýetýär. Suwuň astynda tolkunlaryň ugruna yraň atyp oturan otlar gür «tokaýjyklary» emele getirýär. Otlaryň baý gorlary aýlaglarda gonup geçýän, gyşlamaga galýan sakarbaraklar, ördekler, ot iýýän beýleki guşlar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Adalaryň daş-töwereginde ösýän gyzyl, ýaşyl suwotularynyň, esasanam, haralaryň emele getirýän «adajyklarynyň» üstünde çuluk, çärik ýaly ownuk guşlary görmek bolýar.
Hazaryň suw giňişliklerinde suwotularynyň 46 görnüşi ösýär. Otlaryň hemmesi deňziň çägeli we çägelik-batgalyk topragynda ösýärler. Bular suwda ýüzýän käbir guşlar, balyklar üçin iýmit gorlarydyr.