
Derde derman düýe çaly
Tomsuň jöwzaly yssysynda teşneligiňi gandyrýan içgileriň biri-de derde derman düýe çalydyr. Düýäniň süýdi, agarany, çaly ýokumly iýmit hasaplanýar. Düýe çaly gadymy döwürlerden bäri melhemlik aýratynlyklary, bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Ata-babalarymyz «Düýe çalynyň tagamy gorküýzede» diýilýär. Adyndan belli bolşy ýaly, syrçaly, berk, saýlama küýze bolan, daşyna keçe ýa-da mata tutulan gorküýzede taýýarlanan çal tagamly bolýar. Düýe çalyny taýýarlamak, ýagny çal tutmak iş arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen ýerine ýetirilýär. Munuň üçin ýaňyja saglan düýe süýdünden peýdalanylýar. Ol süzülip, çigligine, gönezlik üçin niýetlenen goruň üstüne guýulýar. Soňra goruň üstünde goýy köpürjik - agaran emele gelýär. Howanyň gyzgyn günlerinde teşneligi gandyrmak, bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin ilkinji maslahat berilýän içgi düýe çalydyr.
Çöl ösümligi bolan titirden doýan düýe malynyň süýdünden taýýarlanylýan çal aýratyn ýokumlydyr.