Deriden taýýarlanýan hojalyk önümleri
Türkmen halky deriden dürli esbaplary, geýimleri, bezeg önümlerini ýasap gelipdir. Deri we ony eýlemek sungaty kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň gündelik durmuşda ulanan meşik, sanaç, ýanlyk, dowardyr düýeleri sagmak üçin deriden edilýän könek, uzak ýola gidilende jäç gaplar salynýan serkeçler, içmekler, possunlar, telpekler, aýakgaplar we at esbaplary eýlenen deriden ýasalypdyr. Irki döwürlerde suwuk zatlary saklamak üçin niýetlenen gaplar has-da ýörgünli bolupdyr. Geçi ýaly öý haýwanlarynyň derisi eýlenip, bujaklary daňlyp ulanylýan gaba sanaç diýilýär. Onda duz, süýt we süýt önümleri saklanypdyr. Meşik bolsa suw we şuňa meňzeş zatlar guýmak üçin geçiniň derisinden edilipdir. Oňa tulum hem diýilýär. Mytara hem deriden edilýän suw gabydyr. Geçi derisinden ýörite taýýarlanan gap bolan ýanlykda uýadylan gatyk ýaýylyp, aýran, mesge alnypdyr.