Derman serişdeleri öndürilýär

Ykdysadyýet
06.06.2023
372

Derman serişdeleri öndürilýär

Türkmen topragynyň tebigy çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen, täze dermanlyk serişdeleri işläp taýýarlamaga «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket ýod önümçiligi kärhanasy hem mynasyp goşant goşýar. Kärhanada öndürilýän önümler üçin gerek bolan çig mallaryň ählisi diýen ýaly ýurdumyzda bar. Sebitde gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlary jemlenendir. Polipropilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän bolsa, pagta ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biridir. Kärhana ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müňüsini öndürmek mümkinçiligine eýedir.

Bereket ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanylýan derman serişdeleri saglygy goraýyşda ulanmaga amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem olar ýatymlaýyn bejeriş edaralarynda, gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şeýle-de gündelik durmuşda giňden peýdalanylýar. Ýodly taýajyklardyr ýodly galamlar şikes ýetmelerde, hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamakda hem-de beýleki ýagdaýlarda zerur serişdelerdir.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde